|
TÜRKMEN HALKY NALAJEDEİINMIKÄ? |
| Nurberdi Nurmämmet |
| Türkmenistanyñ ”AGZYBIRLIK” Demokratik Halk Hereketiniň başlygy |
|
İok beıle bolmaly däl. Halkymyzyň tä Orusıet tarapyndan bakna edilıänçä jemgyıetçilik durmuşyny kadalaşdyran Türkmençiligi ıa-da, käbir alymlaryň atlandyryşy ıaly, Türkmen erkinçiligi şol düşünjelere esaslanmanmydy näme? Durgunlyk döwründe ilde bolan dissidentlik eısem bizde bolmanmydy? Bolupdy ahyryn! Onda näme sebäpden türkmenler bu gün gowşak deprenıärler? Meniň pikirimçe, munuň düıp sebäbi türkmenleriň öz taryhyny döretmekden, öz ykbalyny kesgitlemekden uzak wagtlap gazaply çetleşdirilmegindedir. Bu ıagdaı 1881-nji ıylda zorluga uçradylmadan başlanyp, bu güne çenli-de dowam edip gelıär. Türkmeniň täze taryhyny ilki basybalyjylaryň özi döretse, soňra olar ony öz dikmeleriniň eli bilen döretdiler. Bu ıagdaıy, elbetde, diňe biz däl, öňki Soıuzyň golasty halklarynyň köpüsi başyndan geçiripdi, olaryň jemgyıetçilik ösüş derejesi-de, jemgyıetçilik durmuşy-da meňzeşdi. Soıuzyň merkezinden ıaıaran Üıtgedip gurmak we aıanlyk syıasaty ezilen halklarda azatlyga ymtylyşy döredip biläıjek hukuklary berdi. Emma ol proses hemme respublikalarda deň ornamady. Şol wagtky Soıuzyň we respublikalaryň ıolbaşçylarynyň hemmesiniň-de SSKP-niň dikmeleridigine garamazdan, öz halklaryna azda-kände hukuk we azatlyk bermäge gezek gelende olaryň intellektual taııarlygy tapawutly bolup çykdy. Şol tapawudam respublikalarda Üıtgedip gurmak we aıanlyk syıasatynyň ornamak derejesini kesgitledi. Türkmenistanyň araçägine gelende bolsa, Üıtgedip gurmak syıasaty uly garşylyga duçar boldy: ilki Türkmenistan kommunistik partiıasynyň we respublikamyzyň İokary Sovetiniň kararlary, kanunlary, soňra ıurduň prezidentiniň permanlary bilen Üıtgedip gurmagyň we aıanlygyň öňi alyndy, soňra-da Içeri işler ministrliginiň we KGB-niň güıçleri bilen ol syıasat düıbünden togtadyldy. Onsoň iň ıönekeıje hak-hukuklaryndan mahrum edilen halkymyz ne metbugatda çykyş edip bildi, ne-de köçe ıörişlerini geçirip bildi. Çykyş edenlerem işden çykaryldy, ıanalmalara duçar edildi, türmä basyldy – käbir soňuna göz ıetirmeıän syıasatçylaryň pikiriçe – halkyň gözüniň ody alyndy. Mümkin, halkyň çekinjeňräk bölegi gorkup, öz kanuny hukuklaryndan el çekse-de çeker, olaryň ıüreklerine ıaıdanjaňlyk, çykgynsyzlyk aralaşar – ıöne bu-da gowulyga eltmez. Has beteri-de halkyň beıleki bir bölegi, açyk çykyşlardan el çekip, görünmeıän herekede geçer. Islendik ıagdaıda açyk çykyşlarda ıüregini egisıän halk indi gahar-gazabyny içinde toplar – jemgyıetçilik durmuşy aşa gyzdyrylan bug gazanyny ıatladar. Megerem, Türkmenistanyň jemgyıetçilik durmuşy eııäm şeıle ıagdaıdadyr. Bu ıagdaıyň döremegi üçin syıasy we ykdysady sebäpler döwlet edaralarynyň emelsiz göçerleriniň netijesi hökmünde öňdenem ıeterlik dälmidi näme? Şonuň üçinem häzirki wagtda ıurdumyzdaky durgunlyga guwanman, onuň harasadyň öňündäki imi-salalykdygyna düşüňmek gerek. Gelejekde harasadyň bolmazlygy, jemgyıetçilik durmuşynyň meseleleriniň çözgüdiniň Rumyniıadaky ıa-da Gruziıadaky derejä ıetmezligi üçin uzaga çekdirmän, halkymyza onuň kanuny hukuklaryny – söz, metbugat we adamynyň beıleki demokratik hukuklaryny gaıtaryp bermeli – güıçlendirilip, aıratyn komitet derejesine ıetirilen senzurany ıatyrmaly; şeıle-de metbugat baradaky häzirki hereket edıän kanuny ıatyryp, Halkara normalaryň talabyny ödeıän täze Metbugat kanunyny kabul etmeli; metbugat serişdeleriniň üstünden dowam edıän kommunistik monopoliıany ıatyrmaly; türkmen halkynyň agzyny ıaşmaklan ıygnaklar we mitingler baradaky 178-nji permany haıal etmän ıatyrmaly; 1991-nji ıylyň noıabrynda kabul edilen ”Jemgyıetçilik birleşmeleri hakyndaky” kanunyň işe girizilmegi baradaky permany ıatyryp, halkyň içinde dörän jemgyıetçilik guramalary registrirlemeli; sovet goşunlarynyň galyndylaryny, ıaraglaryny, harby enjamlaryny bu ıerde galdyrmak şerti bilen, Türkmenistandan çykarmaly; Türkmenistanyň goranyş goşunyny döretmeli; Türkmenistany öňki Soıuzyň monopolistleriniň baknalygyndan gutaryp biljek syıasy we ykdysady programmany haıal etmän işläp düzmeli. Türkmenistanyň haısy ıoldan, ıagny demokratikmi ıa-da başga gitmelidigini bolsa, dünıä tejribesi görkezıär. Onuň üçin iki Koreıany deňeşdirip görmegiň özi ıeterlik. Iki döwlete bölünen bir halk: onuň demokratik döwlet gurluşly böleginde-hä ykdysady, medeni, sosial ösüş dünıä derejesinde, beılekisinde-de -- dünıäde iň soňky ıerleriň birinde. Mundan beter aıdyň mysal gerekmikän beri? Meniň pikirimçe, bu wezipeleriň çözgüdi häkimiıetleriň we halkyň bilelikdäki tagallasy netijesinde tapylyp bilnerdi. Halkymyzyň örän paıhaslydygyna, şonçaragam gaıratlydygyna men-ä ynanıaryn. İöne onuň öz öňünde duran kyn meseleleri diňe gaıratyna daıanyp çözmeli bolmazlygy üçin halka onuň elinden gaňrylyp alnan hukuklaryny hökmany suratda we tizden-tiz gaıtaryp bermeli! |