HATYRA GÜNI

 

2009-01-12

 

Bu gün Gökdepe galasynyñ san hem ıarag taıdan has agdyklyk edıän duşman leşgerleriniñ hüjüminiñ astynda ıykylan hem gana gark edilen güni. Bu gün külli türkmen halky öz topragyny gorap gurban bolan milli gahrymanlarymyzyñ hormatyna sadakalar berip, olaryñ ıasyny tutıar, olaryñ ölmez-ıitmez ruhlaryna degsin edıär.

Bu mukaddes Hatyra gününiñ gözbaşynda Türkmenistanyñ ”Agzybirlik” Demokratik Halk hereketi dur. Gökdepe galasyndaky Hatyra güni ilkinji gezek entek SSSR döwründe ”Agzybirligiñ” guramagynda we baştutanlyk etmeginde 1990 ıylyñ 14-nji dekabrynda geçirilipdi. Nalajedeıin Saparmyrat Nyıazowyñ basybalyjylara ıapja we oınatgy kommunistik hökümetiniñ diş-dyrnak bolup garşylyk görkezmegine garamazdan, şol gün taryhda ilkinji gezek türkmenler öz gahryman ata-babalarynyñ ıasyny tutdular, hatyrasyny sakladylar! Diñe şondan soñ, halkyñ ösüp barıan gahar-gazabyndan öler ıaly gorkan S.Nyıazowçylyk hökümet 1991-nji ıyldan başlap, Gökdepede Hatyra gününi geçirmäge boıun boldy.

Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıasy we ”Agzybirlik” Demokratik Halk Hereketi bu gün ıurdumyzda geçirilıän Hatyra gününe goşulıar we Beıik Tañrydan öz ildeşlerimiziñ sadakalarynyñ kabul bolmagyny dileıär. Goı, biziñ milli gahrymanlarymyzyñ hem-de şol pajygaly günde hiç bir günäsiz, diñe duşmanlaryñ wagşyçylygy zerarly jan berenleriñ ruhlary şat bolsun!

Türkmenleriñ ençeme nesliniñ Watany gorap, görkezen gahrymançylygy ıele gitmedi. Türkmen halkynyñ köpçülikleıin mertligi, durnuklylygy Täze taryhda garaşsyz Türkmen döwletini gurmaga ıol açdy.

Bu gün biziñ hemmämiziñ jana-jan borjumyz öz milli döwletimizi demokratik esasda ösdürmekden hem berkitmekden ybaratdyr. Halk köpçüliginiñ erk-ygtyıaryna giñ ıol açmak häzirki döwürde milli döwletiñ syıasy, ykdysady hem sosial esaslaryny berkitmegiñ iñ zerur şertleridir. Halkyñ erk-ygtyıaryna ıol açmak – berkarar döwleti döretmegiñ iñ ilkinji zerur şertidir! Biziñ ata-babalarymyz 128 ıyl mundan ozal aıazly ıanwar güni hut şol berkarar döwlet, erkinlik, azat durmuş üçin baş goıupdylar!

Biz öz gahryman ata-babalarymyzyñ ideallaryna wepaly we ruhlaryna mynasyp bolmalydyrys! Diımek, türkmenler hiç haçan şahsy kemsidilmeler, hukuksyzlyk we gulçulyk bilen ylalaşyp bilmezler!

Kese ıerli basybalyjylaryñ eden-etdiliginiñ garşysyna asyrlar boıy göreşip gelen türkmenler öz içinden döreıän diıdimzor kişlileriñ adalatsyzlygynyñ garşysyna-da göreşmelidirler. Gökdepe galasynyñ gahrymanlarynyñ ruhy bizi türkmeniñ erki hem azatlygy ugrundaky mukaddes göreşe çagyrıar!

Sadakalaryñyz kabul bolsun!

Türkmenistanyñ Birleşen Demokratik Oppozisiıasynyñ egindeş başlygy, ”Agzybirligiñ” Daşary ıurt bölüminiñ baştutany
G.Ataıew
Pariz, 2009-01-12